Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde anna güni geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasy kabul edildi. Oňa laýyklykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 40 milliard manada golaý bolar.
Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maksatnama laýyklykda, zawodlaryň we fabrikleriň, hassahanalaryň, täze şäherçeleriň we ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy hem-de olaryň durkunyň täzelenmegi göz öňünde tutulýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow öz hasabatynda 2021-nji ýylda tutuş ýurdumyz boýunça iri desgalaryň 73-siniň ulanylmaga berlendigini aýtdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň häzirki wagtda döredilýän halkalaýyn energoulgamynyň Ahal — Balkan bölegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawata deň bolan gazturbinaly elektrik stansiýasy bar.
Milli Liderimiz oba hojalyk pudagyna ünsi çekip, daşary ýurtlardan getirilýän mineral dökünleriň önümçiligini özümizde ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle-de mejlisiň dowamynda Türkmenistany 2022-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy hem-de Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi.