Türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumy gurlar
Täze senagat toplumynyň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly sişenbe güni geçiren iş maslahatynyň barşynda Türkmenistan-Owganystan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň Baştutany Gazagystanyň hökümet wekiliýetiniň ýurdumyza bolan saparynyň çäklerinde gazak tarapynyň türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän senagat toplumyny gurmak barada teklip edendigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, hökümetara türkmen-gazak toparynyň türkmen tarapynyň ýolbaşçysy Çary Gylyjow Milli Liderimize täze desganyň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdiler

Türkmen Lideri hasabatlary diňläp, wise-premýerlere gazak tarapy bilen türkmen-owgan serhedinde gaýtadan işleýän desgany gurmak boýunça geçirilen gepleşikleriň netijesinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu toplumyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmeginde hem-de täze iş orunlarynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Täze senagat toplumynyň Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýär.

2022