Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar kämilleşdiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar kämilleşdiriler
TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ösüşiniň konseptual strategiýasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma taýýarlanylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli halkara bäsleşigiň netijeleri barada hem maglumat berildi.

Işlenilip taýýarlanylýan tehniki-ykdysady esaslandyrma laýyklykda, TNGIZT-nyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçiliklerini we ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, hereket edýän tehnologik desgalary kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem, dünýä bazarynyň nebit, nebithimiýa önümleriniň görnüşlerine bolan isleglerine hem-de çig mal gorlarynyň ýagdaýyna görä täze gurulmaly desgalary anyklamak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz  ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-iň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.

Geçen ýyl TNGIZT-da polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň, Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň we A-98 kysymly awtoulag benzininiň önümçiligine başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022