Türkmenistan BSG-a goşulýan ýurt derejesini aldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BSG-a goşulýan ýurt derejesini aldy
Ženewadaky halkara guramalaryň we BMG-niň edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow (Surat: BSG)

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş Geňeşi çarşenbe güni Türkmenistana BSG-a goşulýan ýurt (“işjeň synçy”) derejesiniň berilmegi baradaky karara geldi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we gurama agza ýurtlaryň arasynda BSG-a agza bolmak boýunça gepleşiklere gözegçilik etmek üçin iş toparynyň döredilmegi hem tassyklandy.

BSG Baş Geňeşiniň başlygy, Gondurasyň ilçisi Dasio Kastillýo Türkmenistanyň hökümetiniň iş toparynyň üstünlikli döredilmegi hem-de onuň gurama agza bolmak ýolunuň başlangyjy bilen gutlady. Bu barada BSG-nyň metbugat beýanatynda habar berildi.

BSG-nyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala iş toparyny döretmek kararynyň Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamy bilen gatnaşyklarynda möhüm ädim bolup durýar diýdi.

“Türkmenistanyň gurama girmek baradaky gepleşiklere başlamak arzasy onuň hyzmatdaşlarynyň we BSG sekretariatynyň kömegi bilen köp ýyllaryň dowamyndaky ýerine ýetirilen içerki işiň netijesidir” diýip, Ngozi Okonjo-Iweala aýtdy.

Ženewadaky halkara guramalaryň we BMG-niň edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekili Atageldi Haljanow BSG-nyň agzalaryna öz ýurdunyň BSG-a agza bolmak boýunça arzasyny goldap, kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň BSG-a girýän döwlet derejesi ýurduň köptaraplaýyn söwda ulgamynyň düzgünlerine laýyk hereket etmek maksadyny görkezýär we Türkmenistanyň hökümetiniň BSG-nyň doly hukukly agzasy bolmak we bu guramanyň agzalary bilen bilelikde iş alyp barmaklyga berk ygrarlylygyny görkezýär diýip, Haljanow nygtady.

BSG-nyň agzalarynyň birnäçesi özleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň arzasyny we iş toparynyň döredilmegini goldaýandyklaryny aýtdylar. Türkmenistan BSG-nyň sekretariaty bilen iş topary tarapyndan seredilmeli indiki amallar we esasy resminamalar barada maslahatlaşmaga çagyryldy.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-a synçy döwlet hökmünde girdi. BSG Türkmenistanyň bu gurama girmek baradaky resmi arzasyny 2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda  kabul etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistandan başga-da 23 döwlet BSG-a agza bolmak boýunça gepleşikleri geçirýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022