Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň barşynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ABŞ-nyň işewürler toparlarynyň türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanmasyny goldaýandygyny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Milli Liderimiz nebitgaz pudagy, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, himiýa hem-de azyk senagaty, ulag we ekologiýa ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşi tarapyndan guralýan hem-de iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam edýän işewür duşuşyklaryň, dürli maslahatlaryň, sergileriň geçirilmegini yzygiderli dowam etmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň täze tekliplere hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça garaýyşlara seretmäge hemişe taýýardygyny aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Türkmenistan-ABŞ” işewürlik geňeşi 2008-nji ýylda türkmen-amerikan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen döredildi.