YHÖG Türkmenistany geljekki söwda we ulag boýunça taslamasyna goşup biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
YHÖG Türkmenistany geljekki söwda we ulag boýunça taslamasyna goşup biler
YHÖG ykdysady ösüşi we dünýä söwdasyny höweslendirmek üçin 1961-nji ýylda döredilen hökümetara guramadyr. (Surat: YHÖG)

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (YHÖG) geljekde Türkmenistany söwda we ulag boýunça taslamasyna goşup biler. Bu barada YHÖG-niň halkara gatnaşyklar sekretariatynyň Merkezi Aziýa bölümi boýunça baş syýasy analitigi Gregori Lekontyň aýdanlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada durup geçip, Lekont olaryň biriniň durnukly infrastruktura pudagynda tejribe alyşmakdan ybaratdygyny nygtady. Sebäbi YHÖG Merkezi Aziýada bu pudakda käbir işleri alyp barýar.

Baş syýasy analitigiň bellemegine görä, Türkmenistanyň hökümeti maýa goýum syýasatyna we ony öňe sürmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berýär.

“Şunuň bilen baglylykda, biz bu pudaga has içgin seredip bileris” diýip, Gregori Lekont “Trend” agentligine aýtdy.

Baş syýasy analitigiň aýtmagyna görä, geljekde YHÖG Türkmenistan bilen işewürlik meselesi ugrunda işleşmegini dowam etdirer.

Lekont Türkmenistan bilen YHÖG-niň arasyndaky has özüne çekiji ugurlaryň işewürlik meseleleri hem-de Covid-19 pandemiýasyndan soňky dikeldişdigini aýtdy.

YHÖG ykdysady ösüşi we dünýä söwdasyny höweslendirmek üçin 1961-nji ýylda döredilen hökümetara guramadyr. Oňa häzirki wagtda 38 sany döwlet agza bolup durýar.

2022