Mart aýynda Aşgabatda halkara nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart aýynda Aşgabatda halkara nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler
2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2021) atly XXVI halkara maslahat geçirildi.

Aşgabatda şu ýylyň 29-30-njy martynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Foruma görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO-2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde bu forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, öňde boljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2021) atly XXVI halkara maslahat geçirildi.

2022