Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagy nygtaldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagy nygtaldy
Türkmenistanyň we Türkiýäniň hökümetleriniň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady häsiýetli mümkinçilikleri maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda S.Berdimuhamedow iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin üstaşyr, ulag geçelgeleriniň we howa gatnawlarynyň netijeli ulanylmagynyň möhümdigini nygtady.

Türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna bolan gyzyklanmasyny tassyklap, Türkiýäniň Söwda ministri tejribeleýin hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň wajypdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Şeýle-de iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň berkidilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de wajyp ugurlarynyň, hususan-da söwda-ykdysady häsiýetli mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar we dokma senagaty pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi babatynda pikir alyşdylar.

Telefon gepleşiginiň ahyrynda ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem halklaryň bähbidi ugrunda giňeldilmegine ynam bildirip, söhbetdeşler birek-birege saglyk we üstünlik hem-de iki doganlyk halklara abadançylyk we ösüş arzuw etdiler.

2022