Kärhana ýatyrylanda onuň emlägi nähili tertipde paýlanylýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Kärhana ýatyrylanda onuň emlägi nähili tertipde paýlanylýar?
Algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň ýatyrylýan kärhananyň galan emlägi onuň şu emlägi zat hukugy ýa-da bu kärhana babatda borçnama hukugy bolan gatnaşyjylara berilýär.

“Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kärhana hökmünde önüm öndürmek, harytlary ýerleşdirmek, ýerine ýetirilýän işler we bitirilýän hyzmatlar üçin jemgyýetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we girdeji almak maksady bilen döredilýän ykdysady işiň özbaşdak subýekti hasaplanýar.

Kärhana ýatyrylanda onuň emläginiň paýlanylyşy

Kärhana ýatyrylanda onuň algydarlarynyň talaplary şeýle nobatlylyk boýunça kanagatlandyrylýar:

  • birinji nobatda ýatyrylýan kärhananyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirenligi üçin öňünde jogapkärçilik çekýän raýatlaryň talaplary kanagatlandyrylýar;
  • ikinji nobatda işden boşadylanda berilýän kömek pulunyň we kärhanada zähmet şertnamasy boýunça işleýän adamlar bilen zähmet hakynyň tölegleri, şeýle hem awtorlyk şertnamasy boýunça pul haklarynyň hasaplaşygy geçirilýär;
  • üçünji nobatda algydarlaryň ýatyrylýan kärhananyň emläginiň girewi bilen üpjün edilen borçnamalary boýunça talaplary kanagatlandyrylýar;
  • dördünji nobatda hökmany salgyt we döwlete hem-de döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralaryna beýleki tölegler boýunça bergiler, şeýle hem bank algydarlary boýunça bergiler üzülişilýär;
  • bäşinji nobatda beýleki algydarlar bilen hasaplaşyklar geçirilýär.

Her nobatyň talaplary şonuň öň ýanyndaky nobatyň talaplary kanagatlandyrylandan soň kanagatlandyrylýar.

Algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň ýatyrylýan kärhananyň galan emlägi onuň şu emlägi zat hukugy ýa-da bu kärhana babatda borçnama hukugy bolan gatnaşyjylara berilýär.

Kärhananyň bergidar bolmagy (batyp galmagy) netijesinde ýatyrylmagy

Kärhananyň batyp galmagy diýlip kazyýet tarapyndan ykrar edilmeginiň ýa-da onuň özüniň batyp galandygyny yglan etmeginiň esaslary, şeýle hem bular ýaly kärhananyň ýatyrylmagynyň tertibi “Batyp galmak hakyndaky” Türkmenistanyň kanuny tarapyndan bellenilýär.

Çeşme: “Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

2022