Gruziýa 2021-nji ýylda 205 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen harytlaryny import etdi. Bu bolsa 2020-nji ýylyň görkezijileri (73 million 700 müň ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 178,3% ýokarydyr.
2021-nji ýylda Gruziýanyň importynyň umumy möçberindäki Türkmenistanyň paýy 2%-e, 2020-nji ýylda bolsa 0,9%-e barabar boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Şeýlelikde, 2021-nji ýylda Gruziýanyň esasy import hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkmenistan 10-njy orny eýeledi.
Hasabata görä, Gruziýa eksport edilen esasy türkmen harytlarynyň arasynda ýangyç-çalgy önümleri, senagat önümleri, ulag enjamlary, önümçilik maksatly we sarp ediş harytlary bardyr.
Umuman alanyňda, Gruziýa 2021-nji ýylda jemi bahasy 10 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan önümleri import etdi. Bu bolsa 2020-nji ýylyň görkezijileri (8 milliard ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 25,1% ýokarydyr.
Gruziýanyň daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 14 milliard 300 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl (11 milliard 300 million ABŞ dollary)bilen deňeşdirilende 25,5% artdy.