Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2021-nji ýylda $200 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gruziýa eksporty 2021-nji ýylda $200 milliondan geçdi
2021-nji ýylda Gruziýanyň esasy import hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkmenistan 10-njy orny eýeledi.

Gruziýa 2021-nji ýylda 205 million 200 müň ABŞ dollaryna barabar bolan türkmen harytlaryny import etdi. Bu bolsa 2020-nji ýylyň görkezijileri (73 million 700 müň ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 178,3% ýokarydyr.

2021-nji ýylda Gruziýanyň importynyň umumy möçberindäki Türkmenistanyň paýy 2%-e, 2020-nji ýylda bolsa 0,9%-e barabar boldy. Bu barada Gruziýanyň Milli statistika gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Şeýlelikde, 2021-nji ýylda Gruziýanyň esasy import hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkmenistan 10-njy orny eýeledi.

Hasabata görä, Gruziýa eksport edilen esasy türkmen harytlarynyň arasynda ýangyç-çalgy önümleri, senagat önümleri, ulag enjamlary, önümçilik maksatly we sarp ediş harytlary bardyr.

Umuman alanyňda, Gruziýa 2021-nji ýylda jemi bahasy 10 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan önümleri import etdi. Bu bolsa 2020-nji ýylyň görkezijileri (8 milliard ABŞ dollary) bilen deňeşdirilende 25,1% ýokarydyr.

Gruziýanyň daşary söwda dolanyşygy 2021-nji ýylda 14 milliard 300 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl (11 milliard 300 million ABŞ dollary)bilen deňeşdirilende 25,5% artdy.

2022