“Türkmenistan” banky zenanlar güni mynasybetli ýyllyk 12% goýum hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenistan” banky zenanlar güni mynasybetli ýyllyk 12% goýum hödürleýär
Ýörite açylan “Mähriban zenan” atly täze goýum ýyllyk 12% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky gelin-gyzlary her ýylyň 8-nji martynda döwlet derejesinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýyllyk 12% goýum hödürleýär.

Ýörite açylan “Mähriban zenan” atly täze goýum ýyllyk 12% bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Täze goýuma 500 (bäş ýüz) manatdan 50 000 (elli müň) manada çenli pul serişdeleri nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän “Altyn Asyr” bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Mähriban zenan” atly täze goýumyna 16 ýaşdan ýokary bolan zenanlar 2022-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji maýy aralygynda pul serişdelerini goýup bilerler.

Goşmaça maglumat almak üçin müşderiler bankyň merkezi edarasyna ýa-da onuň islendik şahamçasyna ýüz tutup bilerler.

“Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň ykdysady we durmuş maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bankyň 23 sany şahamçasy bolup, olar Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýerleşip, müşderlere dürli bank hyzmatlaryny hödürleýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022