ÝB-niň ilçisi: Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşinde üstünlik gazanyp biler

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝB-niň ilçisi: Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösüşinde üstünlik gazanyp biler
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonso

Türkmenistan maýa goýumlary arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde üstünlik gazanyp biler. Bu barada Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky ilçisi Diego Ruiz Alonsonyň aýdanlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

“Adaty energiýa çeşmeleriniň eýesi bolmak bilen Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmekde maýa goýup, üstünlik gazanyp biljekdigine ynanýaryn” diýip, Diego Ruiz Alonso “Trend” agentligine beren beýanatynda aýtdy.

ÝB-niň ilçisi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen “Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi” Bilelikdäki Komitetiniň 20-nji mejlisinde taraplaryň söwda, energiýa, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

ÝB dünýäde iň ýokary ýaşyl tehnologiýalara we bu babatda bilimlere eýedir diýip, Diego Ruiz Alonso ÝB-niň bu özgerişligi öz çäginde üstünlikli durmuşa geçirýändigini aýtdy.

Ilçiniň sözlerine görä, adaty energiýa çeşmeleri gymmatlaýar we bu bolsa ÝB-niň täze energiýa syýasatynda dogry ýoldan gidýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Diplomat häzirki wagtda ÝB-niň türkmen hyzmatdaşlary bilen howanyň üýtgemegi we onuň netijesinde dünýäde ýüze çykýan bökdençlikeri göz öňüne tutup, energiýa pudagynda geljekki hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşýandygyny aýtdy.

 

Häzirki wagtda Türkmenistanda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy gurulýar. Ýanwarda Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasy kabul edildi.

2022