“Erkin gurluşyk” şu ýyl 95 müň nahal oturtdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Erkin gurluşyk” şu ýyl 95 müň nahal oturtdy
Kärhana 2015-nji ýylda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginden ýer bölünip berildi.

“Erkin gurluşyk” hususy kärhanasy şu ýylyň ilkinji aýlarynda 30 müň düýp üzüm nahalyny, 50 müň düýp ülje, 15 müň düýp alma, garaly, şetdaly, beýi ýaly ir-iýmişleriň görnüşlerini oturtdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugynyň penşenbe güni habar berşi ýaly, kärhana 2015-nji ýylda Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginden ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu ýeriň 300 gektary özleşdirilip, 40 gektarynda 100 müň düýp alma, 30 gektarynda 4 müňden gowrak üzüm, gök we bakja ekinleriniň dürli görnüşleri oturdylyp, bol hasyl alynýar.

Şeýle hem, kärhanada 250 müň düýp pürli agaçlaryň, 10 müň düýp bägülleriň, 100 müň düýp üzüm we beýleki miweleriň şitilleri oturdyldy.

Bu ýerde baglara we gök-bakja ekinlerine wagtly-wagtynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg işleri geçirilip durulýar. Olar damjalaýyn we ýagyş ýagdyrma ýaly döwrebap usullarda suwarylýar hem-de dökünlenýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022