Türkmenistanyň karz edaralarynyň 2022-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda beren karzlarynyň umumy möçberi 78 milliard 934 million manada deň bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 11,9% artdy. 2021-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň umumy möçberi 70 milliard 511 million manada deň boldy.
2022-nji ýylyň 1-nji fewral aýy ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 54 milliard 274 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 4,4% ýokarlandy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň mälim eden maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 51 milliard 964 million manada deň boldy.
Şeýle hem, 2022-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 8 milliard 988 million manada barabar bolup, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 64,6% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna bu karzlaryň umumy möçberi 5 milliard 459 million manada deň boldy.
Mundan başga-da, 2022-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 15 milliard 672 million manada deň bolup, bu görkeziji 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,74% ýokarlandy. 2021-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna berlen karzlaryň möçberi 13 milliard 88 million manada barabar boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň dekabr aýynyň başynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin degişli Maksatnama, şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi.
Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Merkezi bankyna hem-de ygtyýarly karz edaralaryna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň berlen karz serişdelerinden 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä gaýtarylman galan galyndylarynyň, şeýle hem geçen döwürde hasaplanyp tölenilmedik göterim tölegleriniň tölenilmeli möhletlerini 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli gaýra süýşürmäge ygtyýar berildi.
Şatlyk Geldiýew
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy