Syýahatçylyk pudagy ýurtlaryň jemi içerki önümlerinde möhüm orny eýeleýär. Pandemiýadan öň, ýagny 2019-njy ýylda syýahatçylyk pudagynyň dünýä ykdysadyýetine goşýan goşandy 3 trillion 500 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, ol pandemiýa sebäpli pese gaçdy. 2020-nji ýylda dünýäde syýahatçylyk pudagyndan alynýan girdeji 1 trillion 600 milliard ABŞ dolaryna çenli azaldy. 2021 ýylda bu girdeji 1 trillion 900 milliarda çenli ýokarlansa-da, pandemiýadan öňki döwürdäki derejesinden has pes boldy.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň pandemiýadan öňki maglumatlaryna görä, ABŞ 2018-nji ýylda syýahatçylyk pudagyndan 214 milliard 500 million dollar girdeji almak bilen, bu ugurda 1-nji orny eýeledi. Bu görkeziji ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň 1,1%-ne barabar boldy. Ispaniýa (81 milliard 500 million ABŞ dollary) we Fransiýa (65 milliard 500 milliona ABŞ dollary) degişlilikde 2-nji we 3-nji orny eýelediler. Beýleki tarapdan, Maldiwler syýahatçylykdan 2 milliard 700 million ABŞ dollary möçberinde girdeji gazandy. Bu bolsa, ýurduň ykdysadyýetiniň 60%-ne deň boldy.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndaky maglumatlaryna görä, 2018-nji ýylda iň köp syýahatçyny özüne çeken ýurtlar Fransiýa, Ispaniýa we ABŞ boldy. 2019-njy ýylda dünýäde syýahat edýänleriň sany 1,5 milliarda barabar bolup, pandemiýa sebäpli olaryň sany 2020-nji ýylda 400 milliona çenli azaldy. 2021-nji ýylda bolsa bu görkeziji 4% artyp, 415 milliona ýetdi.
“Pandemiýa ýyly” diýip atlandyryp boljak 2020-nji ýylda bolsa, diňe 6 ýurduň syýahatçylarynyň sany 10 milliona deň boldy.
Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, pandemiýadan öň Merkezi Aziýa iň köp syýahat edilýän merkezleriň birine öwrüldi. Bu bolsa, syýahatçylyk pudagynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň jemi içerki önümlerine goşýan goşandyny ýokarlandyrdy.
Türkmenistan syýahatçylyk pudagy üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Merkezi Aziýanyň şäherleriniň köpüsi Gündogar we Günbatar medeniýetlerini birleşdirýän Beýik ýüpek ýolunyň esasy söwda nokadynda ýerleşýär. Türkmenistanyň goňşy ýurtlarynyň hem Beýik ýüpek ýolundaky geografiýa taýdan amatly ýerleşmekleri bilen baglylykda, olaryň öz ýurtlaryny dünýä tanatmak üçin mümkinçilikleri bardyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda syýahatçylyk pudagy çalt depginde ösüp başlady. Türkmenistanda ÝUNESKO tarapyndan taryhy medeni miraslaryň sanawyna goşulan üç sany ýer bar bolup, olar gadymy Merw, Nusaý we Köneürgenç sebitleridir.
Häzirki Baýramaly şäheriniň töwereginde ýerleşýän gadymy Merw taryhy we medeni ýadygärlikleri esasynda 1999-njy ýylda ÝUNESKO tarapyndan medeni miraslaryň sanawyna goşuldy. Strategik ähmiýetli hem-de medeniýet we syýasat alyş-çalşygynyň merkezi bolan bu ýer dürli şäherleriň, galalaryň we binagärlik ýadygärlikleriniň galyndylaryny öz içine alýar. XII asyrda Merw dünýädäki iň uly şäherleriň, şeýle hem Bagdat, Kair we Damask ýaly yslam dünýäsiniň iň möhüm medeni-syýasy merkezleriniň birine öwrüldi. Sebit XI-XII Seljuklaryň paýtagty bolan döwründe gülläp ösdi.
Biri-birine 2 kilometr uzaklykda ýerleşýän Köne we Täze Nusaý galalary gadymy döwürden galan iň möhüm arheologik ýadygärlikleriň biridir. ÝUNESKO tarapyndan dünýä taryhynyň medeni miraslarynyň sanawyna goşulan bu galalar Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatdan birnäçe kilometr daşlykda ýerleşýär. Taryhy çeşmelere görä, Nusaý galalary biziň eramyzdan öň III asyryň ortalarynda dünýäniň iň güýçli döwletleriniň hatarynda görkezilen Parfiýa imperiýasy döwründe guruldy. Bu galalar gurulmagyndan 2000 ýyl geçendigine garamazdan, gadymy Grek we Rim sungatynyň sintezi hökmünde ýüze çykan medeniýetiň yzlaryny gorap saklamagy başarypdyr.
Gadymy Harezmiň paýtagty bolan Köneürgenç şäherinde şu güne çenli galan ýadygärlikleriň arasynda Nejmetdin Kubranyň, Soltan Alynyň, Pirýaz Weliniň, Törebeg Hanymyň, Horezmiň patyşalary Tekeşiň, Il Arslanyň we Seýit Ahmediň gümmezleri, Kutlug Timuryň minarasy hem-de Kerwensaraý derwezesi atly ýadygärlikler bardyr. ÝUNESKO bu gadymy ýadygärlikleri 2005-nji ýylda dünýä taryhynyň medeni miraslary hökmünde ykrar etdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanda Hazar deňiziniň kenary, Awaza Milli syýahatçylyk zolagy ýaly köpsanly syýahatçylyk ýerleri bardyr. Şeýle hem, Garagum çölüniň we başga-da birnäçe ýerleriň tebigy ýaşaýşyny görmek üçin syýahatçylyk zolaklary bardyr.
Nurmyrat Mommaýew,
Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty