Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%-e deň boldy
Geçen iki aýda söwda ulgamynyň ösüş depgini 8,8%-e barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda geçen iki aýda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,2%-e barabar bolandygyny mälim etdi.

Mejlisiň dowamynda  Döwlet Baştutanymyz geçen iki aýda oba hojalygynda ösüş depgininiň 3,2%, söwda ulgamynda 8,8%, ulag we aragatnaşyk pudagynda 4% bolandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde ýurtda umumy bahasy 37 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan, aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de şol desgalaryň jemi bahasynyň 18 milliard ABŞ dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygynyň ýurduň gurluşyk-gurnama guramalarynyň alyp barýandygy nygtaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdarynyň 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,6%, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7% artandygyny aýtdy. Rejelenen Milli oba maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 101 sany durmuş maksatly desgalaryň, suw arassalaýjy desgalaryň 35-siniň gurluşygynyň alnyp barylýandygy aýdyldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetindäki häzirki ýagdaýlary hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidigini belläp, sanly ulgama geçmek, desgalary hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň bazaryny guramak barada kabul edilen maksatnamalar boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.

2022