“Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Eýranyň Inçeburun demir ýol menzilinden Hytaýa ugran ilkinji üstaşyr konteýner otlusynyň gatnawyna işjeň gatnaşýar.
TULM-yň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine anna güni beren maglumatlaryna görä, Inçeburunda gips ýükli 42 sany 40 futluk konteýner türkmen demir ýol wagonlaryna ýüklendi. Eýran-Türkmenistan-Gazagystan-Hytaý ugry boýunça otly sişenbe güni ýola düşdi.
Konteýnerli otly ýurdumyzyň Akýaýla stansiýasyndan ugradylyp, çarşenbe güni türkmen-gazak serhedi bolan Serhetýaka serhet geçelgesiniň üsti bilen Gazagystanyň çägine geçdi.
TULM-yň bellemegine görä, konteýnerler Gazagystanyň Hytaý serhedi bolan Altynköl stansiýasyna barandan soňra, olar Hytaý wagonlaryna geçirilip, ahyrky barmaly nokadyna çenli ýoluny dowam eder.
Hytaýdan yzyna gaýdyşyn otla Eýranyň bazary üçin niýetlenen ýükler ýüklener. Yzyna gaýdyşyn bu konteýner kerweni ýurdumyzyň çägine Serhetýaka stansiýasyndan girip Demirgazyk-günorta geçelgesinden Etrek demirýol menziline çenli geler. Soňra konteýnerleri daşaýan wagonlaryň tekerleri çalşylyp, olar Eýranyň Tähran şäherine çenli ugradylar.
Geçen aý TULM Türkiýäniň 750 tonna barabar bolan ynsanperwer kömeginiň Owganystana iberilmegine ýardam berdi. 750 tonna ynsanperwer kömegi bilen doldurylan 47 sany wagonly ýörite otly Eýran-Türkmenistan demirýoly arkaly ýurdumyzyň Etrek stansiýasyna geldi. Stansiýada ynsanperwer kömegi TULM kompaniýasynyň ýükleme-düşürme hyzmatlary arkaly türkmen wagonlaryna geçirilip, Owganystanyň Turgundy demirýol stansiýasyna ugradyldy.