“Türkmenenergogurluşyk” Owganystanyň kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenenergogurluşyk” Owganystanyň kompaniýasy bilen şertnama baglaşar
Degişli Karara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak maksady bilen gol çekildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konsernine Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu baradaky Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni gol çekdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, şertnamada Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän Nur-el-Jahad elektrik bekedinde açyk paýlaýjy desgalaryň taslama, üpjünçilik, gurluşyk-gurnama, synag we işe girizmek işlerini ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

Degişli Karara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, şeýle hem “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” elektrik geçirijisiniň taslamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen gol çekildi. 

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi ýaly elektrik üpjünçiligi taslamalarynyň we şol sanda Nur-el-Jahad elektrik bekediniň kanuny we tehniki işini çaltlaşdyrmak boýunça gepleşikleri geçirmek üçin Kabula barypdy.

2022