Türkmenistan şweýsariýaly kompaniýalar üçin işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan şweýsariýaly kompaniýalar üçin işewürlik mümkinçiliklerini hödürleýär
Ýakynda Türkmenistan we Şweýsariýa hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini döretmek arkaly söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan Şweýsariýanyň kompaniýalary üçin aýratyn işewürlik mümkinçiliklerini döredýär diýip, Ykdysady meseleler boýunça Şweýsariýanyň döwlet sekretariatyna (SECO) salgylanyp “Trend” habarlar gullugy sişenbe güni habar berdi

“Bu Şweýsariýanyň hususy pudagy üçin dokma senagatynda, nebitgaz pudagynda, şeýle hem infrastruktura we gurluşyk pudaklarynda döredilen belli bir işewürlik mümkinçilikleridir”, diýip SECO “Trend” habarlar gullugyna habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň bazaryna çykmak netijesi Şweýsariýanyň hususyýetçilerine bagly bolup durýar.

SECO-nyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5,9 mln. şweýsar frankyna (6,4 amerikan dollaryna) barabar boldy.

Geçen ýylda Türkmenistan Şweýsariýadan 5,8 mln. şweýsar frankyna (6,29 amerikan dollaryna) barabar haryt satyn alyp, ýurduň eksport eden harytlaryň möçberi bolsa 0,1 mln şweýsar frankyna (108 müň 605 amerikan dollaryna) deň boldy.

Ýakynda Türkmenistan we Şweýsariýa hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini döretmek arkaly söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygyny ara alyp maslahatlaşdylar.

2022