Paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýeti nähili hereket edýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýeti nähili hereket edýär?
Paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri (paýdarlar we paýnamalary bolmadyk adamlar), şeýle hem jemgyýet bilen zähmet gatnaşyklarynda durmaýan adamlar müdiriýetiň, agzalary bolup bilerler.

“Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, paýdarlar jemgyýetiniň (mundan beýläk jemgyýet) gündelik alyp barýan işine ýolbaşçylygy (dolandyryşy) onuň, ýerine ýetiriji kollegial edara – müdiriýet, ýolbaşçylygy, ýa-da özbaşdak edara – müdiriýetiň başlygy, baş direktor amala aşyrýar.

Paýdarlar jemgyýetiniň ýerine ýetiriji kollegial edarasy-müdiriýet Türkmenistanyň kanunçylygyna, jemgyýetiň tertipnamasyna we paýdarlar jemgyýetiniň umumy ýygnagy tarapyndan tassyklanylan jemgyýetiň içerki resminamalaryna (düzgünlerine, dessuryna ýa-da başga resminamalaryna) laýyklykda hereket edýär.

Müdiriýet jemgyýetiň paýdarlarynyň umumy ýygnagyna, jemgyýetiň gözegçilik Geňeşine (mundan beýläk – Geňeş) hasabat berýär we olaryň kabul eden kararlarynyň, ýerine ýetirilmegini guraýar.

Paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri (paýdarlar we paýnamalary bolmadyk adamlar), şeýle hem jemgyýet bilen zähmet gatnaşyklarynda durmaýan adamlar müdiriýetiň, agzalary bolup bilerler.

Müdiriýetiň başlygy (baş direktor) müdiriýetiň, maslahatlaryny çagyrýar we alyp barýar, maslahatyň teswirnamalarynyň, ýöredilmegini üpjün edýär, jemgyýetiň adyndan ähli resminamalara we müdiriýetiň, maslahatlarynyň teswirnamalaryna gol çekýär.

Müdiriýet şu aşakdaky meseleler boýunça jemgyýetiň hasabatlaryny Geňeşe bermelidir, ýagny:

  1. bellenilýän syýasat we işleri geljekde alyp barmagyň beýleki esasy meseleleri hakynda, ýylda bir gezekden az bolmaly däl;
  2. paýdarlar jemgyýetiniň ýyllyk balansynyň düşewüntliligi, hususan-da, hususy maýanyň düşewüntliligi hakyndaky mesele Geňeş tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylanda;
  3. işleriň barşy hakynda, hususan-da, dolanyşyk barada we paýdarlar jemgyýetiniň ýagdaýy hakynda, çärýekde bir gezekden az bolmaly däl;
  4. paýdarlar jemgyýetiniň düşewüntli bolmagy üçin möhüm ähmiýeti bolup biljek geleşikler hakynda ylalaşyk baglaşylýança.

Mundan başga-da, jemgyýetiň geňeşiniň başlygyna jemgyýetiň işiniň beýleki möhüm meseleleri boýunça habar bermek hem müdiriýetiň borçlarynyň, üstüne ýüklenilýär.

Jemgyýetiň Geňeşi paýdarlar jemgyýetiniň işleri, arabaglanyşykly kärhanalary bilen onuň hukuk we işjeň gatnaşyklary hakynda, şeýle hem paýdarlar jemgyýetiniň ýagdaýyna düýpli täsir edip bijek şol kärhanalarda işleriň barşy hakynda özüne hasabat bermegi jemgyýetiň Geňeşi müdiriýetden islendik wagtda talap edip biler.

Müdiriýetiň agzalaryny olaryň bitiren işleri üçin sylaglamagyň tertibi we möçberleri jemgyýetiň Geňeşi tarapyndan kesgitlenilýär. Jemgyýetiň we müdiriýetiň agzalarynyň arasynda ýola goýulýan zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna garşy gelmeli däldir.

Müdiriýetiň agzalary özleriniň alyp barýan işleriniň netijeleri üçin jemgyýetçiligiň öňünde jogapkärçilik çekýärler. Olar önümçilik we täjirçilik syrlaryny düzýän maglumatlary ýaýratmaly däldirler we muny bozan ýa-da özleriniň üstüne ýüklenilen borçlary ynsapsyzlyk bilen ýerine ýetiren halatynda, şonuň bilen baglanyşyklylykda ýüze çykan ýitgileriň öwezini paýdarlar jemgyýetine dolup bermelidirler.

Paýdarlaryň umumy ýygnagy ýa-da jemgyýetiň Geňeşi, eger bu düzgün jemgyýetiň tertipnamasy tarapyndan onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen bolsa, müdiriýetiň agzalygyna ýa-da müdiriýetiň başlyklygyna bellemegi, öz borçlaryny gödek bozan, işleri degişli derejesinde alyp barmaga özleriniň ukypsyzdygyny görkezen, ýa-da paýdarlaryň umumy ýygnagynyň ýa-da jemgyýetiň Geňeşiniň ynamyndan gaçan halatynda, ýatyryp biler.

 

 Çeşme: “Paýdarlar jemgyýeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022