Litiý elementi we Türkmenistanda litiý önümçiliginiň geljegi

Nurmyrat Mommaýew
Litiý elementi we Türkmenistanda litiý önümçiliginiň geljegi
2025-nji ýyla çenli dünýäde litiýe bolan islegiň 550 müň tonna ýetmegine garaşylýar.

Litiý ilkinji nobatda keramika, aýna önümçiligi, alýumin, ýag, derman we batareýa önümçiliginde, başga-da birnäçe pudakda giňden ulanylýan möhüm elementleriň biridir. Ýokary energiýa dykyzlygy, pes molekulýar massa agramy we ekologiýa taýdan arassa bolmagy litiýi batareýalaryň, göçme elektron enjamlarynyň önümçiliginde we ulaglar üçin elektrik üpjünçiliginde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Geçirilen gözlegleriň netijesinde, häzirki wagtda dünýäde 86 million tonna litiý ätiýaçlygy bar diýlip çaklanylýar. Muňa garamazdan, magdançylyk kompaniýalarynyň ýylda diňe 82 müň tonna litiýi gaýtadan işlemäge mümkinçilikleri bardyr. 2025-nji ýyla çenli dünýäde litiýe bolan islegiň 550 müň tonna ýetmegine garaşylýar. 2021-nji ýyla çenli dünýäde satylan elektrik awtoulaglarynyň sany 5,6 milliona ýetdi. 2030-njy ýyla çenli dünýäde satylan elektrik awtoulaglarynyň sanynyň 40 milliona ýetmegine garaşylýar. Bu mukdardaky önümçilik üçin 3 million tonna 99,9 göterim arassa litiý çig maly gerek bolup durýar. 2030-njy ýyla çenli bu önümçilik sepgidine ýetmeklik meselesi çözülmäge degişli esasy wezipeleriň hataryndadyr. Şonuň üçin ýurtlar hem-de kompaniýalar täze magdan känlerini we täze önümçilik merkezlerini işe girizip, barha ýokarlanýan litiý zerurlygyny kanagatlandyrmagy maksat edinýärler.

Litiý çig maly elektrik awtoulaglarynyň geljegi we häzirki wagtda öndürilmegi üçin örän möhüm elementdir. Mysal üçin, batareýaly burawlaýjy enjamlarda (drel) 60 gram, noutbuk kompýuterlerinde 40 gram, planşetlerde 30 gram we jübi telefonynyň batareýalarynda 1-3 gram litiý ulanylýar. Gibrid awtoulaglaryň batareýalary üçin 2 kilograma golaý litiý ulanylýan bolsa-da, “Tesla Model S” elektrik awtoulagynyň batareýa toplumy üçin takmynan 63 kilogram litiý gerek bolýar. “Tesla Model S” elektrik awtoulaglarynyň 90 kilowatlyk batareýasynda ulanylýan litiýniň mukdary 80 kilograma çenli ýetýär.

Bu nukdaýnazardan, “Tesla” litiý-ion batareýalarynyň sarp edilşinde dünýäde birinji ýerde durýar. Teslanyň ýylda 40 müň tonnadan gowrak litiý gidroksidi ulanýandygy çaklanylýar, bu bolsa dünýädäki umumy sarp edişiň ýarysyna barabardyr. “Tesla” öz awtoulaglary üçin “Tesla Gigafactory” atly batareýa öndürýän zawody gurdy. Bu dünýädäki iň uly litiý batareýalaryny öndürýän zawoddyr. Şunuň bilen baglylykda, “Tesla” diňe awtoulag kompaniýasy däl-de, eýsem litiý batareýalarynyň önümçiligini alyp barýan kompaniýa hökmünde hem kesgitlenip bilner.

Ogulgerek Rejepowanyň şeýle hem Tehniki ylymlaryň doktory Allaberdi Ylýasowyň Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edilen makalalarynda bellenip geçilişi ýaly, Türkmenistanda litiý önümçiliginiň ýola goýulmagy we litiýniň dünýä bazaryna çykarylmagy, geljekde ýurduň bu ugurda möhüm bazara öwrülmegine itergi berip biler. Türkmenistanyň litiý önümçiligi we bu strategiki önüm bilen dünýä bazarlaryny üpjün edip bilmegi üçin ähli tebigy, tehnologiki we adam resurslary bardyr.

Litiý çig malynyň gelejekde iň köp isleg bildirilýän serişdeleriň biri boljakdygy çaklanylýar. Türkmenistanda litiý önümçiliginiň ýola goýulmagy ýurduň ykdysadyýetine saldamly goşant goşar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022