Paýdarlar jemgyýeti nädip üýtgedip guralýar?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Paýdarlar jemgyýeti nädip üýtgedip guralýar?
Jemgyýet gaýtadan guralanda onuň paýnamalaryny başga emläge ýa-da gaýtadan guramagyň netijesinde döreýän jemgyýetiň paýnamalaryndan başga emläk hukugyna çalyşmaga ýol berilmeýär.

“Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, paýdarlar jemgyýetiniň (mundan beýläk jemgyýet) üýtgedip guralmagy (goşulmagy, birleşmegi, bölünmegi, bölünip aýrylmagy we özgerdilmegi) Türkmenistanyň degişli kanunçylygyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

Edara görnüşindäki tarapyň döwlet bellige alnyşynda gaýtadan peýda bolan we olaryň Bütewi döwlet Sanawyny saklaýjynyň beren şahadatnamasyny alan pursatyndan başlap, jemgyýet üýtgedip guralan diýlip hasap edilýär.

Jemgyýeti üýtgedip guramagyň ähli görnüşleri özüniň gymmatly kagyzlaryny köpçülikleýin ýerleşdirmegi amala aşyrmadyk we aşyrmaýan jemgyýetiň guramaçylyk-hukuk görnüşlerini özgertmekden başga zady resmi metbugatda bu hakynda habar çap edileninden azyndan iki aý möhletden soň geçirilýär. Jemgyýetiň täzeden guraljakdygy hakynda habarly edilen pursatyndan başlap, 3 aýyň dowamynda algydarlar degişli borçnamalaryň möhletinden öň bes edilmegi ýa-da ýerine ýetirilmegi hem-de özlerine ýitgileriň öweziniň dolup berilmegi hakynda jemgyýete talap bildirmäge haklydyr.

Eger bölüji balans täzeden guralan jemgyýetiň miras hakly adamyny kesgitlemäge mümkinçilik bermeýän bolsa, onda täzeden peýda bolan edara görnüşindäki taraplar täzeden guralan jemgyýetiň borçnamalary boýunça algydarlarynyň öňünde raýdaşlyk jogapkärçilik çekýärler.

Jemgyýet gaýtadan guralanda onuň paýnamalaryny başga emläge ýa-da gaýtadan guramagyň netijesinde döreýän jemgyýetiň paýnamalaryndan başga emläk hukugyna çalyşmaga ýol berilmeýär.

Çeşme: “Paýdarlar jemgyýetleri hakynda” Türkmenistanyň kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022