Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmek meselelerine seredildi
Mejlise gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça işleriň dowam edilmegi ugrunda ileri tutulýan meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Anna güni Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle hem şol gün hökümet topary Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE) bilen bilelikde BSG-niň agza bolmak işi we Söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmegi boýunça Ylalaşygy barada geňeşme duşuşygyny geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de mejlise BSG-niň sekretariatynyň, UNECE-iň wekilleri, BMG-niň Türkmenistandaky Hemileşik utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyndaky Hemişelik wekili, şeýle-de garaşsyz bilermenler we guramalar gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Daşary söwda strategiýasyny iki tapgyrda durmuşa geçirmegiň çäklerinde resminamanyň amala aşyrmagyň birinji tapgyry boýunça Ýol kartasyna laýyklykda, Türkmenistanyň BSG-na agza bolmagy üçin taýýarlyk işleriniň tamamlanmagy babatynda ähmiýetli işleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini beýan etdi.

Strategiýanyň ikinji tapgyrynda Türkmenistanyň Guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde BSG-na girmegi hem-de täze şertlerde Türkmenistanyň daşary söwda ulgamynyň, logistika infrastrukturasynyň has hem ösdürilmegi we daşary söwdasynyň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Duşuşykda AÖB-nyň tehniki goldawynyň hem-de hemaýatynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamanyň işlenilip düzülmegi boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki işleriň derwaýyslygy nygtaldy.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky özara hereketleriň işjeňleşdirilmegi boýunça işleriň dowam edilmegi ugrunda ileri tutulýan meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan BSG-de synçy derejesini aldy, şu ýylyň fewralynda bolsa BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistana BSG-na goşulýan ýurt («işjeň synçy») derejesiniň berilmegi baradaky karar kabul edildi. 

2022