OPEC gaznasy türkmen gämi gurluşygyna $45 million karz berýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
OPEC gaznasy türkmen gämi gurluşygyna $45 million karz berýär
Deňiz söwda floty boýunça taslamanyň çäklerinde Türkmenistan Hazar deňizinde ulag mümkinçiliklerini giňeltmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistan we OPEC Halkara ösüş gaznasy demir ýol wagonlaryny, ýolagçylary we gury ýükleri daşamak üçin üç sany deňiz gämisini gurmak boýunça 45 million ABŞ dollarlyk karz ylalaşygyna gol çekdiler.

OPEC Gaznasynyň sişenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berlişi ýaly, deňiz söwda floty boýunça taslamanyň çäklerinde Türkmenistan gämiler arkaly daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň we Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işjeňligini ýokarlandyrmagyň hasabyna Hazar deňizinde ulag mümkinçiliklerini giňeltmegi meýilleşdirýär. Taslama Yslam ösüş gaznasy tarapyndan hem maliýeleşdirilýär.

Täze gämiler Balkan welaýatyndaky gämi gurluşyk zawodynda gurlar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurduň ýyllyk ýük daşamak kuwwatynyň bir million tonna we ýolagçy daşamalarynyň 20 müň adam artmagyna garaşylýar. Şeýle hem, ýük daşamak boýunça çykdajylar we ýüklere garaşmagyň wagty azalar.

Taslamanyň çäklerinde gämi gurluşyk we abatlamak işleriniň öwredilmegi, tehnologiýalaryň paýlaşmagyny üpjün eder we esasanam ýaş hünärmenler üçin goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer.

OPEC gaznasynyň baş direktory Abdulhamid Alhalifa: “Bu taslama Türkmenistanyň Hazar deňzinde ulag mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna we ýurduň söwda-ykdysady işleriniň ösdürilmegine goşant goşar. Bu bolsa durnukly we ykdysady ösüşe ýardam berer. OPEC gaznasy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge şatdyr” diýip belledi.

OPEC gaznasy 1976-njy ýylda Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) tarapyndan esaslandyrylan hökümetara ösüş maliýe guramasydyr. Gurama agza ýurtlardan agza däl ýurtlara maliýe serişdelerini gönükdirýän ýeke-täk edaradyr.

2022