Türkmenistanyň ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çarşenbe güni Halkara oba hojalyk ösüş gaznasy (IFAD) bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdiler.
Duşuşyk Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde, ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksady bilen geçirildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyga türkmen tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary, Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary we Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda taraplar oba hojalyk pudagynda durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen işleriň utgaşdyrylmagy ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny bellediler. Bu ýerde suwy süýjetmek boýunça iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalyk önümleri öndürijilerine goldaw bermek, şeýle hem geljekde howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara oba hojalyk ösüş gaznasy BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, oba hojalyk pudagynda, oba ýerleriniň ykdysadyýetinde we iýmit ulgamlarynda özgertmeleri geçirmek ugrunda ýöriteleşýän ýeketäk guramadyr