Wise-premýer Çarymyrat Purçekow penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýyllyk kuwwatlylygy 50 müň tonna kalsit öndürýän önümçiligi ýola goýmak baradaky teklibi hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu önümçilik ýurdumyzyň bazarlaryny ýerli tebigy serişdelerden öndürilen ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen doly üpjün etmäge hem-de täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda ýurdumyzyň sarp edijilerini daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli önümler bilen doly möçberde üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini artdyrmagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meselelere hem garaldy.