Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri Aşgabatda gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistanyň we Hindistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Şenbe güni paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň we Hindistanyň Baştutanlary ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara gün tertibindäki birnäçe meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygynyň, söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň zerurdygyny bellenildi. Şeýle hem taraplar dürli sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşdylar, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmek üçin tagallalary birleşdirmegi ylalaşdylar.

Gepleşiklerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin ykdysady taýdan maksada laýykdygyndan başga-da, sebitde durnuklylygy, özara düşünişmegi we ynanyşmagy berkitmek işine uly goşant goşmaga, ýurtlaryň arasynda ykdysady hem-de syýasy taýdan ýakynlaşmaga ýardam bermäge niýetlenendigi tassyklanyldy.

Hindistanyň Türkmenistan bilen sanly ulgam babatda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtaldy. Kosmos ulgamyndaky gatnaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýandygy hem bellenildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň we Hindistanyň resmi wekilleri Adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Ýaşlar babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň Ýaşlar işleri we sport ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we sungat babatda 2022 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekdiler.

Şeýle hem taraplar Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy, predikat jenaýatlary we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly maliýe maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Hindistan Respublikasynyň Maliýe aňtawçylygy edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama alyşdylar.

Şeýle hem Bilelikdäki türkmen-hindi Beýannamasy kabul edildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Agşam Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, şonda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler. Dabaraly kabul edişlik ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

2022