Türkmenistanda kim rieltorçylyk hünär işini amala aşyryp bilýär?

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda kim rieltorçylyk hünär işini amala aşyryp bilýär?
Rieltoryň hünär dereje şahadatnamasy üç ýyl möhlet bilen berilýär.

“Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, rieltoryň hünär dereje şahadatnamasy bolan fiziki şahslar rieltor hökmünde hünär işini amala aşyryp bilerler.

Rieltoryň hünär dereje şahadatnamasy rieltor hökmünde hünär işiniň amala aşyrylmagyna bäsdeşlik edýän fiziki şahslaryň hünär synagynyň (mundan beýläk – hünär synagy) esasynda berilýär.

Ygtyýarly edara hünär synagyny geçirmek üçin Hünär synag toparyny döredýär we onuň düzümini tassyklaýar. Hünär synagy ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan Rieltorlaryň hünär synagyny geçirmegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda Hünär synag topary tarapyndan geçirilýär.

Hünär synagyna ýokary hukuk bilimi ýa-da menejment, ykdysady, maliýe, gurluşyk babatda ýokary bilimi ýa-da gaýry inžener-tehniki ýokary bilimi bolan hem-de rieltorçylyk işiniň amala aşyrylmagynyň çygrynda goşmaça hünär taýýarlygyny geçen fiziki şahslar goýberilýär.

Şu aşakdaky fiziki şahslar hünär synagyna goýberilmeýär:

1) öz-özünden aýrylmadyk ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aýrylmadyk iş kesilenlik aýby bar bolan;
2) hünär synagynyň pursatyndan öňki üç ýylyň dowamynda hünär dereje şahadatnamalary ýatyrylan.

Rieltoryň hünär dereje şahadatnamasy üç ýyl möhlet bilen berilýär.

Çeşme: “Rieltorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022