“Petronas” Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Petronas” Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar
Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR “Petronas”-yň paýynyň 4,35%-ni, Beýik Britaniýanyň BP kompaniýasy 1,16%-ni LUKOÝL 9,99%-ni satyn aldy.

“Petronas Azerbaijan (Shah Deniz)” kompaniýasy Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatyna salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň resmi internet sahypasy anna güni habar berdi.

Russiýanyň LUKOÝL kompaniýasy 2021-nji ýylyň güýzünde Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki iri gaz käni bolan Şah-Deňiz känindäki “Petronas”-yň paýyny $2,25 milliarda satyn almak hakynda ylalaşdy.

Emma netijede Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR “Petronas”-yň paýynyň 4,35%-ni, Beýik Britaniýanyň BP kompaniýasy bolsa 1,16%-ni satyn aldy. LUKOÝL-a $1,45 milliarda 9,99%-i galdy. Geleşik 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýapyldy.

Şeýlelikde, Şah-Deňiz taslamasyna BP (29,99%, operator), LUKOÝL (19,99%), TPAO (19%), SOCAR (14,35%), NICO (10%) we SGC (SOCAR-yň golçur kompaniýasy - 6,67%) kompaniýalary gatnaşýar.

Bellenilişi ýaly, şol bir wagtda “Petronas” kompaniýasy 1996-njy ýyldan bäri taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebitgaz känlerini özleşdirmegini dowam edýär. Şol wagtdan bäri kompaniýanyň taslama maýa goýumlary $11 milliarda barabar boldy.

2022