Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygy 40,9% artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygy 40,9% artdy
Bu ösüş depgini ýurdumyzyň importynyň we eksportynyň ýokarlandyrylmagy bilen bir hatarada özara bähbitlilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy.

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň daşary söwda dolanşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 40,9% ýokarlandy. Bu barada anna güni geçirilen Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Muhammetguly Muhammedow hormatly Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowe hasabat berdi.

Bu ösüş depgini ýurdumyzyň importynyň we eksportynyň ýokarlandyrylmagy bilen bir hatarada özara bähbitlilik hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy. Bu barada wise-premýeriň hasabatyna salgylanyp, ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.

2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri baradaky hasabata laýyklykda, öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne görä 11,1% artdy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4% artdy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4% ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň bellenen maksatnamalara laýyklykda ösmegine dowam edýändigini görkezýändigini belledi. Jemi içerki önümiň ösüşi ýylyň başyndan bäri 6,2% derejede durnukly saklanyp gelinýär.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer M.Muhammedowa we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlaryna ýüzlenip, dürli ýyllarda kabul edilen ähli ykdysady maksatnamalary seljermegi we bu maksatnamalary döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna gabat getirmek üçin bir aýyň dowamynda olara seretmegi we teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022