Türkmenistanyň Prezidenti täze iş orunlaryny döretmek boýunça tabşyryklary berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti täze iş orunlaryny döretmek boýunça tabşyryklary berdi
Döwlet Baştutanymyz kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegi, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer Muhammetguly Muhammedowa we onuň gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylaryna dünýäde emele gelen ýagdaýdan ugur alyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň şu ýylda garaşylýan netijeleriniň gysga wagtyň içinde düýpli seljermesini geçirmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz kiçi we orta kärhanalara karz bermegiň hereket edýän maksatnamasyny giňeltmegi, täze iş orunlaryny, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmegiň maksatnamasyny seljermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz desgalary maliýeleşdirmegi gözegçilikde saklap, kabul edilen maksatnamalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerini gözlemegi işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Çary Gylyjowa we söwda toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi tabşyrdy.

Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Mejlisiň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmegiň şu ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi, geljek döwür üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri kesgitlenildi.

2022