Türkmen IT-kompaniýasy Türkmenbaşy portunyň sanlylaşdyrylmagyna gatnaşýar

BİZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen IT-kompaniýasy Türkmenbaşy portunyň sanlylaşdyrylmagyna gatnaşýar
Tanyşdyryş duşenbe güni Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygynyň barşynda geçirildi.

“Sanly Çözgüt IT meýdança“ hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Hazar deňzinde ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderileriň arzalaryny Internet tory arkaly uzak aralykdan bermekleri üçin işlenip taýýarlanylan täze programma üpjünçiliginiň işi bilen tanyş etdiler.

Tanyşdyrylşyk duşenbe güni Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygynyň barşynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň internet sahypasynda habar berilýär.

Iş duşuşygyna Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri, Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryna gatnaşýan gümrük dellallarynyň hem-de ýük we gümrük amallaryny sanlylaşdyrmak işlerine gatnaşýan “Sanly Çözgüt IT meýdança“ hojalyk jemgyýetiniň we “Asman oky“ hususy kärhanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda gümrük edaralarynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçilikleri we ony Türkmenbaşy halkara deňiz portunda ýük işleri üçin işlenip taýýarlanylan täze programma üpjünçiligi bilen utgaşdyrmagyň ýollary barada pikir alşyldy.

Şeýle hem, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini we sebitdäki ähmiýetini ýokarlandyrmakda wajyp logistik toplum bolan Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üstünden haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna ýardam berýän şertleri giňeltmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022