Sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan maslahatyň barşynda birleşmäniň hususy telekeçileriň arasynda dürli ugurlar boýunça yglan eden "Ýylyň iň gowy telekeçisi" bäsleşiginiň jemi jemlendi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, 12 ugur boýunça bäsleşige gatnaşan hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň, daýhan hojalyklarynyň, telekeçileriň arasyndan iň mynasyplary ýeňiji diýlip yglan edildi. Şolaryň hatarynda hususy pudakda göreldeli işleri bilen adygan “Derýaplastik”, “Ak bulut”, “Zamana”, “Ýigit” hojalyk jemgyýetleri, “Batly gadam”, “Çaly” hususy kärhanalary bilen birlikde, “TSTB-niň baýry halypa işewüri” ugry boýunça ýeňiji bolan Kakajan Täşliýew, Artykguly Rejepow, Rozmyrat Töräýew, Nurmuhammet Gapurow ýaly tejribeli işewürler hem bar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň adyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi jemgyýetçilik guramasy bolup, onuň esasy iş wezipesi Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, ýurduň milli ykdyýadyýetiniň hususy sektorynyň ösdürilmegine ýardam bermekden, şeýle hem döwrebap telekeçilik infrastrukturasyny gurnamakdan ybaratdyr.