Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy portunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy portunda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Türkmenbaşy halkara deňiz porty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Balkan welaýatyna iş saparynyň çäginde Türkmenbaşy halkara deňiz portuna bardy.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz gümrük we serhet gulluklarynyň alyp barýan işleri bilen tanyşdy. Bellenilişi ýaly, ähli işler öňdebaryjy tejribeler hem-de sanly ulgam boýunça ýola goýulýar. Munuň özi öňde goýlan wezipeleriň anyk, dessin, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýew we Çary Gylyjow bu terminalda azyk önümlerini kabul etmek hem-de obasenagat toplumynyň harytlaryny eksporta ugratmak boýunça alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçileriniň portuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyşlary barada hasabat berdiler.

Bu ýerden geçen ýylda 2 million 800 müň tonna önüm ugradyldy, munuň özi terminalyň kuwwatynyň 94%-iň herekete getirilendigini aňladýar.

Şu ýylyň birinji çärýeginde 221 müň tonna ýük işlenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 140 göterim ýokarydyr.

Döwlet Baştutanymyz portuň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakdaky ähmiýeti barada aýtmak bilen, eksport-import amallaryny geçirmekde üstaşyr geçelgeleriň işini netijeli ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz “Balkan” gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow günbatar sebite toý saparynyň dowamynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Kongresler merkeziniň binasynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýär, onuň suw giňişligine ýylda ortaça 1500-1600 gämi girýär hem-de bu görkeziji ýyl-ýyldan artýar. Deňiz, awtomobil, demir ýol ulaglarynyň sazlaşykly hereket edýändigi nazara alnanda, bu deňiz porty özbaşdak ulag-logistika merkezi bolup durýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022