Guwlymaýakda 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Guwlymaýakda 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurlar
Gurulmagy teklip edilen täze ýaşaýyş jaý toplumy 472 hojalyga niýetlenendir.

Wise-premýer Çarymyrat Purçekow penşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Ç.Purçekow öz hasabatynda Guwlymaýak şäherçesiniň golaýynda ýerleşýän Gyýanlydaky Polimer zawodynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen hünärmenleriniň zähmet çekýändiklerini aýdyp, degişli teklibi hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem, Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümçiliginde ulanylýan himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýändigi hasabatda bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň öňünde birnäçe gaýragoýulmasyz wezipeleri goýdy. Nygtalyşy ýaly, Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, himiýa we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny rejeli hem-de netijeli ulanmak üçin, senagat we gurluşyk pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmak zerurdyr.

Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022