Türkmenbaşynyň nebiti gaýtandan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) şu ýylyň birinji çärýeginde ýangyjyň täze görnüşleriniň müňlerçe tonnasy, şol sanda deňiz gämileri üçin dizel ýangyjyň 1 müň 701 tonnasy, A-98 awtobenziniň barlag tapgyry hem-de Jet A-1 markaly awiakerosiniň 5,5 tonnasy öndürildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň duşenbe güni habar berşi ýaly, halkara hil standartlaryna gabat gelýän täze ýangyçlar zawodyň önümçilik sehlerinde öndürilýän fraksiýalardan we goşundylardan alynýar.
Umuman, şu ýylyň birinji çärýegi boýunça, Türkmenbaşy şäherindäki baş zawodyndan başga, Seýdi şäherindäki nebiti gaýtadan öndürýän zawodyny hem öz içine alýan TNGIZT-niň nebit boýunça önümçiligi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 müň tonna golaý ýokarlanyp, meýilnama 110,3% ýerine ýetirildi. Toplumyň zawodlarynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça çärýekleýin önümçilik meýilnamasy 110,7% amala aşyryldy.
Awtobenziniň önümçiligi meýilnama tabşyrygy bilen deňeşdirilende 76 müň tonnadan gowrak ýerine ýetirildi. A-92 awtobenziniň önümçilik meýilnamasy 33 müň tonna, A-80 awtobenziniň önümçilik meýilnamasy 28,5 müň tonna artykmaç berjaý edildi.
Şeýle hem, kerosiniň dürli kysymlarynyň, dizel ýangyjyň, şol sanda gidroarassalanan dizel ýangyjyň, polipropoleniň, suwuklandyrylan gazyň, nebit bitumynyň, koksuň we çalgy ýaglarynyň önümçilik görkezijileri oňyn netijeleri görkezýär.
Balkan welaýatynda ýerleşýän TNGIZT 1943-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň öňdebaryjy nebiti gaýtadan işleýän desgalarynyň biri bolup durýar.