Lebap welaýatynda ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody geçen ýylyň dowamynda 220 müň 83 tonna benzin öndürdi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti geçen penşenbe güni habar berdi.
Şeýle hem, degişli döwürde zawodda 135 müň 95 tonna dizel ýangyjy, 22,5 müň tonna mazut, 34 müň 991 tonnadan gowrak ýol bitumy, ýewropa bazarlarynda uly islegden peýdalanýan agyr wakuum gazoýlyň 41 müň 848 tonnasy we isleg bildirilýän beýleki önümler öndürildi.
Bu ýerde awtomobil benzinlerini öndürmekde ulanylýan ýokary oktanly komponenti almaga niýetlenilen LÇ 35-11/1000 katalitik riforming enjamy işe girizildi. Onuň kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna benzin çykarmaga niýetlenendir.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody Lebap welaýatynda, Amyderýanyň çep kenarynda, Dänew etrabynyň Seýdi şäherinde ýerleşýär.