Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we onuň ykdysady-hukuk ähmiýeti

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Gümrük kodeksi we onuň ykdysady-hukuk ähmiýeti
Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri Gümrük kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde gümrük taýdan resmileşdirilmäge we gümrük gözegçiligine degişlidir.

Türkmenistanyň Gümrük kodeksi Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine we onuň ykdysady howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýän gümrük işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Türkmenistanda gümrük işi harytlaryň we ulag serişdeleriniň Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi bilen baglanyşykly, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, gümrük düzgünleriniň ulanylmagynyň, gümrük tölegleriniň töledilmeginiň, gümrük gözegçiliginiň tertibini we şertlerini kesgitleýän meseleleriň we Türkmenistanyň gümrük syýasatyny durmuşa geçirmegiň beýleki çäreleriniň gümrük taýdan düzgünleşdirilmeginiň usullarynyň we serişdeleriniň jeminden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy

Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we Türkmenistanyň gümrük kodeksinden hem-de Türkmenistanyň gümrük işi babatdaky gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistanyň gümrük kodeksindäkiden başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalaryň kadalary ulanylýar.

Gümrük taýdan resmileşdirmek we gümrük gözegçiligi

Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri şu kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde gümrük taýdan resmileşdirilmäge we gümrük gözegçiligine degişlidir.

Gümrük edarasynyň we onuň wezipeli adamlarynyň gümrük taýdan resmileşdirmegi we gümrük gözegçiligini amala aşyran mahalynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulmadyk talaplary we çäklendirmeleri bellemäge haky ýokdur.

Gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumat

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy we beýleki gümrük edaralary gümrük işi babatda kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda maglumatlaryň erkin tölegsiz, şol sanda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak bilen peýdalanylmagyny üpjün edýär.

Gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy döwürleýin metbugat neşirlerinde bu edara tarapyndan kabul edilen gümrük işi babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň çap edilmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň şu aşakdaky maddalaryna 17.04.2022-nji ýyldan goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi:

7-nji, 37-nji, 38-nji, 100-nji, 209-njy, 244-nji, 322-nji maddasynyň degişli sözlerine, 39, 40, 46,48,49-nji maddalaryna üýtgetmeler girizildi. Şeýle-de 731-nji maddasyndan soň 732-nji madda goşulyp, 83-nji maddasyna, 159, 214-nji maddalaryna degişli üýtgetmeler girizilip, 359, 359-njy maddadan soň 41-nji bap (3591,3592,3593,3594-njy maddalar goşuldy).

Girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler “Türkmenistan” gazetiniň 20.04.2022-nji ýyldaky №100 (30366) sanynda dolulygyna çap edilen.

2022