Türkmen-özbek söwda dolanyşygy birinji çärýekde $187 milliona golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy birinji çärýekde $187 milliona golaýlady
Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan eden importy 154 million 800 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 186 million 800 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1% peseldi. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň çarşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan eden importy 154million 800 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Şol bir wagtyň özünde ýurduň Türkmenistana eksporty 32 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Özbegistanyň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde daşary söwda dolanyşygy 13 milliard 150 million ABŞ dollaryndan geçip, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5 milliard 630 million ABŞ dollary ýa-da 74,8% ýokarlandy.

Şu ýylyň ilkinji üç aýynda Özbegistanyň iň köp söwda eden ýurdy Hytaý boldy. Iki ýurduň arasyndaky döwda dolanyşygy 2 milliard 200million ABŞ dollaryna golaýlady. Özbegistanyň importy 1 milliard 660 million ABŞ dollaryndan geçip, eksporty bolsa 525million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($1,86 milliard), Gazagystan ($993,8 million), Türkiýe ($776,4 million), Günorta Koreýa ($630,8 million), Germaniýa ($384,4 million),Gyrgyzystan ($226,4 million), Owganystan ($174,1 million töweregi) we Hindistan($166 million) girdi.

2021-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistan bilen haryt dolanyşygy 881million 900 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 61% ýokarlandy.

2022