Hazar deňziniň barha artýan ähmiýeti

Nurmyrat Mommaýew
Hazar deňziniň barha artýan ähmiýeti
Hazar deňziniň energiýa daşamalarynda hem ähmiýeti uludyr.

Soňky ýyllarda kenarýaka we beýleki sebit ýurtlary üçin Hazar deňziniň ähmiýeti has-da artdy. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde Hazar deňziniň kanuny statusy umuman çözüldi. Hazar deňziniň kanuny statusy çözülenden soňra onuňkenar ýakasyndaky döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk kem-kemden ýokarlandy. Hazar deňiz ulag we ýük daşamalaryň, turba geçirijileriň möhüm ugurlarynyň (Rota) hataryna girdi.

“Reuters” gullugynyň habar bermegine görä, dünýäniň ulag we ýük daşamalary boýunça iri kompaniýalary bolan Daniýanyň “Maersk”, Fransiýanyň CMA CGM we Şweýsariýada ýerleşýän MSC kompaniýalary Russiýa geçelgesine alternatiwa hökmünde täze ugurlar boýunça işleýärler. Hazar deňziniň munuň üçin oňaýly alternatiwa boljakdygy çaklanylýar. Geljekde Hazar deňzindäki ýük gatnawlarynyň ýokarlanjakdygyny aýtmak bolar. Gazagystanyň Azerbaýjanyň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna haryt ugradyp başlamagy hem-de Türkmenistanyň Russiýa we Azerbaýjan bilen söwda gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, Hazar deňziniň üsti bilen ýük awtoulaglarynyň (TIR) daşalmagynyň möçberi hem ýokarlandy. Geosyýasy taýdan Türkmenistanyň gündogar-günbatar çatrygynda ýerleşmegi, şeýle hem soňky birnäçe ýylda ulag infrastrukturasyna goýlan maýa goýumlarynyň netijesinde täze ulag ulgamlarynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Hazar deňzindäki möhüm ornuny has-da pugtalandyrýar.

Hazar deňziniň energiýa daşamalarynda hem ähmiýeti uludyr. Ýewropada energiýa bolan islegiň artmagy bilen baglylykda, energiýa serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanmagy Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) ýurtlaryna energiýa çeşmeleriniň täze ugurlaryny gözlemeklerine itergi berdi. Ýeke-täk energiýa bazaryna bolan garaşlylygyny azaltmak isleýän ÝB täze ugurlarda energiýa importynyň mümkinçiliklerini öwrenýär.

Bilermenler türkmen gazynyň Ýewropa çykarylmagy boýunça taslamanyň beýleki ugurdaş taslamalar göz öňünde tutulanda, Ýewropa ýurtlary üçin has amatly boljakgyny çaklaýarlar. 

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Wiktoria Nuland şu ýylyň 7-nji aprelinde Kipre bolan saparynda ÝB ýurtlarynyň gysga wagtda täze ugurlar boýunça tebigy gazyň importyny ýola goýmaklarynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. W.Nuland Ysraýyldan Kipre, Kiprden Gresiýa, Gresiýadan hem Ýewropanyň beýleki ýurtlaryna tebigy gazyň ugradylmagyny göz öňünde tutýan taslamanyň (EastMed) durmuşa geçirilmegi üçin ýene-de 10 ýylyň gerek boljakdygyny, emma bu möhletiň uzyndygyny aýtdy. Bu hem öz gezeginde türkmen gazynyň Ýewropa çykarylmagy boýunça taslamanyň ÝB ýurtlary üçin has amatly boljakdygyny aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirlýän taslamalar gysga wagtda onuň ähmiýetini mundan beýläk hem ýokarlandyrar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktorant

2022