“Türkmen hemrasy” ýerüsti antennasy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen hemrasy” ýerüsti antennasy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär
Ykjam VSAT meýdanlarda (uzak aralykda) işleýänlere ýokary hilli internet (Wi-Fi) zolaklaryny guramak üçin üstünlikli ulanylýar.

Döwlet edaralaryna we hususy kärhanalara uzakdaky desgalaryň we merkezi ofisleriň arasynda özara internet arkaly baglanyşmaklary üçin hem-de zerur bolan önümçilik ýerlerinde häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlaryny guramak maksady bilen, “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (ÝGPJ) ykjam VSAT (kiçi ýerüsti antenna) terminalyny gurnamak arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär.

Paýdarlar jemgyýetiniň wekiliniň penşenbe güni “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna görä, ykjam VSAT köp sanly goşmaça hyzmatlary goldaýar we meýdanlarda (uzak aralykda) işleýänlere ýokary hilli internet (Wi-Fi) zolaklaryny guramak, uzakdaky wideo gözegçilik ulgamlaryny birikdirmek we ýörite enjamlar üçin gözegçilik ulgamlaryny ornaşdyrmak üçin üstünlikli ulanylýar.

“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly bu çözgütler amala aşyrylýar. Hemra aragatnaşyk tehnologiýasynyň artykmaçlygy optiki we öýjükli ulgamlaryň daşyndaky islendik ýerde aragatnaşyk infrastrukturasyny ýerleşdirmegiň tizligidir. VSAT enjamlary arkaly kärhanalaryň gysga wagtyň içinde önümçilik ýerlerine ygtybarly aragatnaşyk, maglumat geçiriş kanallary, korporatiw IP amaly programmalaryna we önümçilik maglumatlar bazalaryna girmäge mümkinçilik bermek bilen, gysga wagtyň içinde amala aşyrylýar.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-si müşderileriň ýerleşýän ýerine garamazdan, ýokary hilli we elýeterli hemra internetini birikmäge mümkinçilik döredýär. 

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Seýdi köçesi, 10-A jaýy

Tel: +993 12 921 836

Faks: +993 12 921 831

E-mail: info.turkmenhemrasy@online.tm

sales.turkmenhemrasy@online.tm

Resmi internet sahypasy: www.turkmenhemrasy.gov.tm

2022