Türkmen-gyrgyz işewürlik forumy geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-gyrgyz işewürlik forumy geçiriler
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli derejede ýokarlandy. (Surat: Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasy)

Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi Şadurdy Meredow duşenbe güni Gyrgyzystanyň Söwda-senagat edarasynyň (GSSE) Prezidenti Marat Şarşekeýew bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda türkmen tarapy Gyrgyzystanda işewürlik forumyny geçirmegi teklip etdi.

GSSE-niň Prezidenti türkmen tarapynyň iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky işewürlik forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny goldap, ol çäräni şu ýylyň iýun aýynda geçirmegi teklip etdi. Bu barada GSSE-niň metbugat gullugy habar berdi.

“Söwda dolanyşygynyň mundan beýläk-de ösmegini isleýäris. Gyrgyzystanly telekeçileriň önümleriniň eksporty baradaky dürli tekliplerine garamaga taýýardyrys. Öz gezegimizde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýyladyşhanalaryň, polipropileniň we polietilen önümleriniň işjeň ýagdaýda ösýändigini aýdyp bilerin” diýip, Ş.Meredow belledi.

Ilçi iki ýurduň Baştutanlarynyň arasynda 100 million ABŞ dollarlyk maýa goýumy bolan Gyrgyz-Türkmen ösüş gaznasyny döretmek boýunça ylalaşyk gazanylandygyny ýatlatdy. Häzirki wagtda Bişkekde söwda toplumy bilen ýaşaýyş jaý gurluşygynyň bilelikdäki taslamasyna seredilýär. Mundan başga-da, bilelikdäki kärhanalary döretmek we Bişkekde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak meýilleşdirilýär.

Türkmen ilçisiniň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy ep-esli derejede ýokarlandy we 2021-nji ýylda iki esse artyp, 80 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Bellenilişi ýaly, işewürlik forumynyň onlaýn görnüşinde geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022