“Türkmen Şöhle” dokama oturgyçlaryň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmen Şöhle” dokama oturgyçlaryň önümçiligine başlady
Önümler “Şöhle plastik” haryt nyşany bilen içerki bazarlara ugradylýar.

Plastik önümleriň önümçiligi bilen meşgullanýan “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti golaýda täze önümiň, ýagny dokama oturgyçlaryň we uly göwrümli plastik gaplaryň önümçiligini ýola goýdy.

Dokama oturgyçlar berkligi, bezeg aýratynlyklary we rahatlygy bilen tapawutlanýarlar. Önümler müşderileriň sargytlaryna görä, dürli reňkde hem-de ölçegde öndürilýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhanada polipropilenden hojalyk maksatly önümleriň we çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen ornaşdyrylan kärhananyň aýda ençeme tonna  önüm öndürmäge mümkinçiligi bar.

Kärhanada öndürilýän hojalyk harytlarynyň 100-e golaý görnüşi bolup, olaryň arasynda bedre, legen, kürüşge, bulgur, guýguç, güldan, oturgyç, egin-eşik salmak üçin niýetlenen plastik tekje gap bar.

Önümler “Şöhle plastik” haryt nyşany bilen içerki bazarlara ugradylýar.

2,5 gektar meýdany eýeleýän “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyrylyp, onuň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär.

2022