HPG Türkmenistana býujet reformalaryny geçirmekde tehniki goldawyny berer

BIZNES TÜRKMENISTAN
HPG Türkmenistana býujet reformalaryny geçirmekde tehniki goldawyny berer
Halkara Pul Gaznasynyň edara binasy, Waşington, ABŞ

Türkmenistanyň tebigy baýlyklarynyň halka we ýurduň ykdysadyýetine peýdaly bolmagyny gazanmak maksady bilen, býujet reformalaryny geçirmekde we salgyt ulgamyna täzeden seretmekde Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) sebitleýin merkezi ýurda ýardam berer. Bu barada HPG-nyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiri Jihad Azur geçen anna güni güni sanly ulgam arkaly geçirilen HPG-nyň we Bütindünýä bankynyň her ýylky maslahatynyň çäklerindäki nobatdaky ikitaraplaýyn maslahatynyň dowamynda mälim etdi.

Maslahata Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Merdan Päliwanow we degişli wekiller gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşiniň gelejegi baradaky çaklamalar, ykdysady we maliýe syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem HPG bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary bilen bagly özara pikir alyşmakdan ybarat boldy.

Maslahatyň dowamynda HPG-nyň tehniki kömekleriniň wajypdygy bellenilip, degişli ugurlar boýunça ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy hem bellenilip geçildi.

Ministr Muhammetgeldi Serdarow döwlet maliýe dolandyryşy boýunça berilýän tehniki kömekler üçin minnetdarlyk bildirdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýy barada gysgaça gürrüň berdi.

Merdan Päliwanow ýakyn gelejekde milli hasaplar ulgamyny kämilleşdirmek, pul-karz syýasatyny düzgünleşdirmek we halkara standartlara laýyklykda makroykdysady görkezijileri hasaplamak boýunça tehniki goldawlaryň dowam etdiriljekdigine umyt etdi.

HPG-nyň wekili Çad Staýnberg hem öz gezeginde häzirki wagtda dünýädäki çylşyrymly ykdysady ýagdaýlary bilen bagly ýurdumyzyň ykdysadyýetine täsir ýetirilen ýagdaýynda hem degişli ýardamlaryň beriljekdigini, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetine syn bermek we maglumatlary jemlemek boýunça işleriň dowam ediljekdigini aýtdy.

Halkara pul gaznasy 1944-nji ýylda döredilip, oňa 190 ýurt agza bolup durýar. HPG ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022