Türkmenistan bilen Weneto bilelikdäki işewürlik-forumyna taýýarlyk görýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Weneto bilelikdäki işewürlik-forumyna taýýarlyk görýär
Weneto durmuş derejesi ýokary bolan Italiýanyň iň uly ykdysady sebitlerinden biri hasaplanýar.

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow Italiýanyň Weneto sebit häkimliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Analiza Bisson bilen çarşenbe güni sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gulluklaryň wekilleriniň we Türkmenistan bilen Wenetonyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda işewürlik-forumyny guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikler türkmen ilçisiniň sebitiň gubernatory Luka Dzaýa bilen geçen ýylyň noýabr aýynda Weneta amala aşyran saparynda geçiren duşuşygynyň dowamy boldy. Bu barada ilçihananyň ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Dokma senagaty, senagat, oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk, hususan-da dokma önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek, ýurtda suw dolandyryş toplumynda ulanmak üçin infrastrukturany döretmek, şeýle-de sowadyjy ulgamynda işleýän kärhanalary döretmek ýaly ugurlarda häzirki zaman italýan tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işewürlik-forumynyň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän we ara alnyp maslahatlaşylmagyň möhüm ugurlary hökmünde garalar.

Weneto durmuş derejesi ýokary bolan Italiýanyň iň uly ykdysady sebitlerinden biri hasaplanýar. Sebit döredijilik we innowasiýa işi, ýokary ösen senagat we oba hojalygy, maşyn gurluşygy, azyk, dizaýn hem-de ýeňil senagat pudaklary bilen tanalýar.

2022