Serdar Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Ahalyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Purçekow döwlet Baştutanymyza bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleri barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň çäginde gurulýan desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Şolaryň hatarynda 7 gatly 28 öýli, 56 öýli we 42 öýli, 9 gatly 54 öýli, şeýle-de 5 gatly 30 öýli hem-de 40 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň çäginde ýerleşdirilmegi teklip edilýän söwda dükanlarynyň, hyzmat ediş öýleriniň taslamalary bar. 

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de aýry-aýry ýolbaşçylar gatnaşdylar.

Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Derýageldi Orazow öz hasabatynyň çäklerinde sebitde iň iri we ägirt uly ähmiýetli taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýändigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Çarymyrat Purçekowa ýüzlenip, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeleriň hiline we gurluşyklaryň möhletleriniň berjaý edilmeýändigine nägilelik bildirip, gurluşygyň depginlerini güýçlendirmegi we olary bellenen möhletlerde ulanmaga tabşyrmagy wise-premýerden berk talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de aýry-aýry ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp,  gurulýan desgalaryň ýokary hilli bolmagynyň we öz wagtynda tabşyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, täze şäheriň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygyny belläp, onuň gurluşygynyň örän möhüm ikinji tapgyrynyň başlanýandygyny aýtdy. Bu tapgyrda şäheri abadanlaşdyrmak we ilaty göçürip getirmek göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa ýüzlenip, täze şähere mynasyp at dakmak barada aýtdy hem-de bu meseläni tutuş halkymyz bilen ara alyp maslahatlaşmagyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna 2019-njy ýylyň aprel aýynda badalga berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022