ÝTÖB Türkmenistanda €49 milliona barabar 32 taslamany durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Türkmenistanda €49 milliona barabar 32 taslamany durmuşa geçirýär
Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky döredilen gününden bäri 6 müň 100-den gowrak taslamany amala aşyran halkara maliýe guramasydyr.

Türkmenistanda 2022-nji ýylyň 1-nji apreli ýagdaýyna Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) taslamalarynyň häzirki karz bukjasy 49 million ýewra deň boldy.

Karz bukjasy 32 sany taslamany durmuşa geçirmek üçin niýetlenendir. Bu barada ÝTÖB-e salgylanyp, “Trend” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Taslama bukjasynyň aglaba bölegi (97% ýa-da 48 million ýewro) durnukly infrastruktura, 3%-i ýa-da bir million ýewro maliýe guramalaryna gönükdirilendir.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) döredilen gününden bäri 6 müň 100-den gowrak taslamany amala aşyran halkara maliýe guramasydyr. ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 323 million ýewra barabar bolan 88 taslama maýa goýumyny goýdy.

2022