BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) Türkmenistan bilen bilelikde ýurtda gidrohlorftoruglerod (HCFC) ulanylmagyny azaltmak boýunça taslamany durmuşa geçirýär. Bu barada UNIDO-nyň wagyz-nesihat we metbugat gatnaşyklary boýunça hünärmeni Rawindra Wikremasinghä salgylanyp, “Trend” agentligi ýekşenbe güni habar berdi.
Wikremasinghäniň aýtmagyna görä, bu ugurdaky işler meýilnama laýyklykda yzygiderli durmuşa geçirilýär.
“UNIDO Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda HCFC boýunça Dolandyryş meýilnamasynyň iki tapgyryny durmuşa geçirmegiň üstünde işleýäris. Bu “Monreal protokolynyň” tapgyrlaýyn meýilnamasyna laýyklykda, HCFC-nyň ulanylyşyny azaltmaga ýardam berýän maksatnamadyr” diýip, Wikremasinghe aýtdy.
UNIDO global krizisiň meýilleşdirilýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegini haýalladyp biljekdigine ynanýar. Muňa garamazdan, yzygiderli ykdysady ösüşi, şeýle hem ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär.
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) BMG ulgamynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolup, onuň esasy maksady senagat ösüşine ýardam bermekden we çaltlaşdyrmakdan ybaratdyr.