“Türkmengaz” DK-nyň hasaplaşyk merkezi we “Elektron ammar” programmasy döredildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” DK-nyň hasaplaşyk merkezi we “Elektron ammar” programmasy döredildi
Täze ulgam “Türkmengaz” konserniniň ammarlarynda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär.

Içerki sarp edijilere ýerlenilýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde geçirmek, ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak, gaz känleri we gaz guýulary baradaky maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredildi we “Elektron ammar” programmasy gurnaldy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beren hasabatynda mälim etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, şeýle-de “Türkmennebit” döwlet konserniniň merkezi diwanynda “Netije” atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web saýty gurnaldy, nebitiň derejesine monitoring arkaly gözegçilik etmek maksady bilen, ölçeýji enjamlaryň gurnama-sazlama işleri ýerine ýetirilýär.

Mundan başga-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda “GOLDAW” elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we internet web saýty döredildi. Ornaşdyrylan radioelektron enjamlary arkaly buhgalterçilik hasabatlary we beýleki işler sanly görnüşde amala aşyrylýar.

Şeýle hem, toplumyň dolandyryş binasy bilen önümhanalarynyň arasynda elektron maglumat dolanyşygy ýola goýlup, ammarlara kabul edilýän, saklanylýan we goýberilýän maddy gymmatlyklaryň hasabyny elektron resminama dolanyşygyna geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

2022